Türkmenistan YHG-na agza ýurtlaryň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Tähranda geçirilen duşuşygyna gatnaşdy


19-20-nji maýda Tähranda Demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 15-nji maslahaty we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň üstaşyr daşamalaryny utgaşdyrmak boýunça Demirýol komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi.
Duşuşyklarda demirýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk, infrastrukturany we täze demirýol ugurlaryny ösdürmek, serhetden geçmegiň amallaryny ýeňilleşdirmek, nyrhlar we syýahat wagtlary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara demirýol geçelgelerini işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan, olaryň durnuklylygynyň faktorlaryna, sanlylaşdyrma we akylly ulag ulgamlaryny ornaşdyrmak amallaryna garaldy. Bu çäreleriň çäklerinde YHG agza ýurtlaryň pudaklaýyn üstünlikleriniň sergisi guraldy.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow kärdeşleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenen ulag diplomatiýasynyň maksatlary, şol sanda ýurduň ulag ulgamyny halkara kommunikasiýa infrastrukturasyna goşmak we sebitde multimodal daşamalaryň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezlerini döretmek barada gürrüň berdi.
Şunuň bilen baglylykda, demirýol ulaglarynyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar, hereket edýän düzümler täzelenýär – ýaňy-ýakynda Hytaýda we Russiýada öndürilen 20 sany teplowoz bilen olaryň üsti ýetirildi.
YHG agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk bu ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýar. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazar basseýniniň we goňşy sebitleriň arasyndaky söwdanyň ösdürilmegi üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran geçelgesindäki fiziki we fiziki däl päsgelçilikleri ýok etmek üçin seljerme işleri geçirildi, munuň özi ýük daşaýjylar üçin bu geçelgäniň özüne çekijiligini ep-esli ýokarlandyrar we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksporty artdyrmak üçin mümkinçilik döreder. Ýewropadan Türkmenistanyň üsti bilen Hindi ummany we Pars aýlagy ýurtlaryna üstaşyr ýük daşamak Sues kanalyndan üç esse gysgadyr. Russiýa we Hytaý hem täze tölege ukyply bazarlara girip bilerler, munuň özi sebitara taslamany ykdysady taýdan has özüne çekiji edýär.
Häzirki wagtda Hytaýy, Merkezi Aziýany, Kawkazy we Ýewropany birleşdirip, Hazaryň üstünden geçýän ulag geçelgesi, şeýle hem TRASEKA geçelgesi möhüm ähmiýete eýedir. Täze ugurlar işlenip düzülýär we döredilýär, mysal üçin, Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe (TUTIT+Hytaý) Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe (KUTIT+Hytaý) we beýlekiler.
ORIENT news








