Türkmenistan kynçylykly gonan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemäge ýardam bermäge taýýar


Türkmenistan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemekde Eýrana kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi. “Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýar” – diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Ozal Tasmin agentliginiň habar bermegine görä Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisini we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany alyp barýan dikuçar eýran-azerbaýjan serhediniň golaýynda kynçylykly gonýar.
“Prezident we başga-da birnäçe adam birnäçe dikuçarda gaýdyp [Azerbaýjandan] gelýärdi. Dikuçarlaryň biri ýaramaz howa we duman sebäpli kynçylykly gonmana mejbur boldy. Dürli görnüşli halas ediş toparlary dessin bu sebite tarap ugraýarlar, ýöne ýaramaz howa we duman sebäpli dikuçara ýetmek üçin wagt gerek bolup biler" – diýdip Içeri işler ministri Ahmad Wahidi döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda habar berdi.
19-njy maýda irden Ebrahim Raisi Azerbaýjanyň Prezideni Ilham Aliýew bilen duşuşyşdy. Iki ýurdyň Liderleri eýran-azerbaýjan serhedinde bendi açdylar.
Umuman alanyňda, prezident kortežinde üç dikuçar bardy. Tasnimiň maglumatlaryna görä, beýleki iki dikuçarda Energetika ministri we Ýol we şäher gurluşyk ministrini bardy we olar barmaly ýerine sag-aman baryp ýetipdirler.
Ýurdyň hökümeti bu ýagdaý bilen baglanyşykly gyssagly ýygnaklar geçirýär we goňşy ýurtlaryň liderleri halas ediş işlerini geçirmekde ýardam bermäge kömek hödürleýärler.
ORIENT news








