HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Buharada Magtymguly hakynda özbek-türkmen filminiň surata düşüriljek ýerleri kesgitlenildi

Maý 20, 2024 | 00:40 |10009
Özbegistanda Magtymguly Pyragy hakynda çeper filmiň surata düşürilmegine taýýarlyk görülýär. Filme meşhur özbek kinematografçysy Muzaffarhan Erkinow režissýorlyk eder.Özbegistanda Magtymguly Pyragy hakynda çeper filmiň surata düşürilmegine taýýarlyk görülýär. Filme meşhur özbek kinematografçysy Muzaffarhan Erkinow režissýorlyk eder.
Çeşme: uzbkino

Özbegistanda Magtymguly Pyragy hakynda çeper filmiň surata düşürilmegine taýýarlyk görülýär. Filme meşhur özbek kinematografçysy Muzaffarhan Erkinow režissýorlyk eder.

Filmi döredijiler Buhara baryp, ýerler bilen tanyşdylar. Hususan-da, olar Gögeldaş, Nedir Dewonbegi, Ulugbegiň, Abdulaziz Hanyň medreselerine, Minarai Kalona, Masjidi Kalona, Mir Arab medresesine, Çor Bakr toplumyna baryp gördüler we surata düşüriljek ýerleri saýladylar diýip, özbek köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Buharadan başga-da, surata düşüriş işleri Özbegistanyň Hywa şäherinde, şahyryň Sumbar jülgesindäki Watanynda, häzirki wagtda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Magtymgulynyň (öňki Garrygala) adyny göterýän etrapda alnyp barlar. Bilelikdäki film toparynyň özbek agzalarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Kinofilmiň baş gahrymanynyň keşbini türkmen aktýory janlandyrar.

Özbegistandan we Türkmenistandan kinematografçylaryň hyzmatdaşlygynda döwlet buýrugy esasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper filmiň döredilmegi Prezident Şawkat Mirziýoýewiň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary bilen göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026