HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Maý 19, 2024 | 19:08 |9045
18-nji maýda, şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.18-nji maýda, şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.
Çeşme: orient.tm

18-nji maýda, şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany geçen ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň dowamynda HHR-niň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklary barada aýdyp, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti bir gün öň, 17-nji maýda Aşgabatda geçirilen we iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda zenanlaryň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döreden «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly foruma ünsi çekip, şeýle maslahatlaryň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.

Şen Ýueýue bu çäräniň türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, iki dostlukly halkyň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmakda, halklary parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine has-da ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de myhman türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026