HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellendi

Maý 19, 2024 | 17:28 |11110
18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Çeşme: orient.tm

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan çäreler baýramçylyga aýratyn öwşgün berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralara dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň agzalary gatnaşdyrlar.

Döwlet baştutany ilkinji bolup Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýdylar.

Soňra dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.

Şol gün agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlary tarapyndan baýramçylyk konserti gurnaldy.

turkmenistan+ashgabat.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026