HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda sanly ýer kadastrynyň döredilmegi dowam edýär

Maý 17, 2024 | 23:47 |9907
Türkmenistanda sanly Döwlet ýer kadastrynyň – ýerleriň döwlet hasaba alyş işleriniň dowamynda toplanan maglumatlaryň jemini, olaryň mukdaryny we hilini, ykdysady bahalandyrmasyny, şeýle hem ýer baýlyklarynyň, ekin meýdanlarynyň netijeli we tygşytly ulanylmagyna gözegçilik etmek üçin toplanan maglumatlary öz içine alýan bitewi elektron ulgamynyň döredilmegi dowam edýär.Türkmenistanda sanly Döwlet ýer kadastrynyň – ýerleriň döwlet hasaba alyş işleriniň dowamynda toplanan maglumatlaryň jemini, olaryň mukdaryny we hilini, ykdysady bahalandyrmasyny, şeýle hem ýer baýlyklarynyň, ekin meýdanlarynyň netijeli we tygşytly ulanylmagyna gözegçilik etmek üçin toplanan maglumatlary öz içine alýan bitewi elektron ulgamynyň döredilmegi dowam edýär.
Çeşme: pixabay

Türkmenistanda sanly Döwlet ýer kadastrynyň – ýerleriň döwlet hasaba alyş işleriniň dowamynda toplanan maglumatlaryň jemini, olaryň mukdaryny we hilini, ykdysady bahalandyrmasyny, şeýle hem ýer baýlyklarynyň, ekin meýdanlarynyň netijeli we tygşytly ulanylmagyna gözegçilik etmek üçin toplanan maglumatlary öz içine alýan bitewi elektron ulgamynyň döredilmegi dowam edýär.

17-nji maýda, anna güni geçirilen türkmen Hökümetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlaryň möçberi, olaryň ýerleşýän ýerleri hem-de kärendeçiler we peýdalanyjylar baradaky maglumatlar eýýäm ýer kadastrynyň maglumatlar binýadyna doly girizildi.

Gowaça, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri üçin bölünip berlen ýerler baradaky degişli maglumatlary kadastra girizmek we ony has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet ýer kadastrynyň ykdysady ähmiýeti bardyr we ol ýerden netijeli peýdalanylmagyny guramaklyga hem-de ony goramaklyga, hojalygy meýilnamalaşdyrmaklyga, oba hojalygyk önümçiligini ýerleşdirmeklige we ýöriteleşdirmeklige, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaklyga, ýer böleklerine hukuklary kepillendirmeklige we beýleki maksatlara gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026