Magtymguly Fraginiň 300 ýyllygyny bellemek üçin Owganystan goşuldy


Baş konsullyk tarapyndan 16.05.2024ý. Owganystanyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynda, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre gurnaldy.

Medeni çärä, Farýap welaýatynyň Andhoý, Gorgan, Garamgol, Hançarbag, Kaýsar, Döwletabad etraplarynyň ýolbaşçylary, Gazagystanyň Owganystandaky Ilçihanasynyň Mazary-Şerip şäherindäki wekilhansynyň ýolbaşçysy Miram Oşkumanow, türkmen we özbek diasporalaryndan magtymgulyşynas alymlar, döredijilik işgärler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we türkmen diasporasynyň ýaşlary gatnaşdylar.

Şeýle-de, bu çärä Balh, Jowuzjan we Badhyz welaýatlaryndan türkmen diasporasynyň wekilleri jemi 300 töweregi adam gatnaşdy.

Medeni çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigini bellediler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, onuň parahatçylygy, watansöýüjiligi, agzybirligi we dost-doganlygy ündeýän eserleriniň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Mazary-Şerip şäherindäki Baş konsuly B.Kabaýew öz çykyşynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara we döwlet derejesinde geçirilýän çäreler hem-de şu günler Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýändigini barada belläp geçdi.

Şeýle-de, çärä gatnaşyjylara türkmen halkynyň milli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň we amaly-haşam sungatynyň sergisi görkezildi hem-de olaryň öňünde Andhoý etrabynyň Magtymguly adyndaky okuw merkezinde okaýan ýaşlar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okap çykyş etdiler.
ORIENT news








