HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygyny iki esse artyrmagy maksat edinýär

Maý 17, 2024 | 09:20 |11326
Geçen ýyl Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygy  ABŞ-nyň 7,7 mlrd dollaryna deň boldy.Geçen ýyl Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygy  ABŞ-nyň 7,7 mlrd dollaryna deň boldy.
Çeşme: adventum.ru

Geçen ýyl Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygy ABŞ-nyň 7,7 mlrd dollaryna deň boldy.

Gazagystan ýakyn döwrüň içinde haryt dolanşygynyň bu möçberini iki esse artyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň söwda we inetrgrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýew Almatyda geçirilen 13-nji Merkezi Aziýa forumynda aýtdy diýip, “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär.

Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministrligi ýakyn 5-10 ýylyň içinde haryt dolanşygyny Özbegistan bilen ABŞ-nyň 10 mlrd dollaryna, Gyrgyzystan bilen ABŞ-nyň 2 mlrd dollaryna, Täjigistan bilen bolsa ABŞ-nyň 2 mlrd dollaryna çenli ýetirmegi öz öňünde wezipe hökmünde goýar.

Kaýrat Torabaýewiň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deňze çykalgasy ýok, şonuň üçin hem sebitiçi söwda möhüm orna eýedir.

Umuman, sebitiň ýurtlarynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň halkara merkezini döretmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026