HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ženewada Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 15, 2024 | 20:13 |7834
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) prezidenti Mirýana Spolýariç-Egger bilen duşuşdy.Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) prezidenti Mirýana Spolýariç-Egger bilen duşuşdy.
Çeşme: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) prezidenti Mirýana Spolýariç-Egger bilen duşuşdy.

Wekilhananyň habar bermegine görä, 14-nji maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň gün tertibi we Türkmenistan bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer meseleler, hususan-da Merkezi Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogaryň sebitlerinde ynsanperwer işleriň mümkinçilikleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýamak, maglumat serişdeleri, ilatyň maglumat elýeterligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem taraplaryň arasynda bar bolan ikitaraplaýyn hukuk binýadyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda 28-31-nji oktýabrda Ženewada geçiriljek “kesgitsizligi ýeňip geçmek - adamzady güýçlendirmek” atly 34-nji halkara maslahatyna türkmen tarapynyň gatnaşmagy aýratyn mowzuk boldy. Bu maslahat, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl ýarymaý Hereketiniň wekilleri bilen Ženewa konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda häzirki we geljekdäki meseleleri ynsanperwer ýörelgeleriniň ýollary bilen çözmekde diolog üçin meýdança bolmakdan hem-de türkmen tarapynyň muňa gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026