HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

KazanForum-2024-iň çäklerinde 15 ýurtdan 100 gatnaşyjy ýaş aşpezleriň ýaryşynda bäsleşer

Maý 16, 2024 | 09:25 |12937
15-17-nji maýda Kazan şäherinde  KazanForum-2024-iň çäklerinde ilkinji gezek Yslam ýurtlarynyň ýaş aşpezleriniň Ýunus Ahmetzýanow adyndaky halkara bäsleşigi geçiriler.15-17-nji maýda Kazan şäherinde  KazanForum-2024-iň çäklerinde ilkinji gezek Yslam ýurtlarynyň ýaş aşpezleriniň Ýunus Ahmetzýanow adyndaky halkara bäsleşigi geçiriler.
Çeşme: riamediabank.ru

15-17-nji maýda Kazan şäherinde KazanForum-2024-iň çäklerinde ilkinji gezek Yslam ýurtlarynyň ýaş aşpezleriniň Ýunus Ahmetzýanow adyndaky halkara bäsleşigi geçiriler.

Ýaryşa Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň 15-sinden 100-den gowrak ýaş aşpez gatnaşar. Çärede gatnaşyjy ýurtlaryň milli tagamlaryny tölegsiz dadyp bolýar. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň restoratrorlar we oteller assossiýasynyň prezidenti Zufar Gaýazow gürrüň berdi.

“Şu ýyl biz ýaryşy guraýjylar bolup çykyş edýäris, biziň respublikamyz Russiýa wekilçilik eder. Bäsleşikde siz tatar aşhanasynyň tagamlaryny görersiňiz. Şeýle hem tatar aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňüne tutulýar” – diýip ol aýtdy.

Bäsleşigiň myhmanlary üçin her sagat 11:00-dan 16:00-a çenli ýörite ýerler we zolaklar guralar. Olara Azerbaýjandan, Malaýziýadan, Gyrgyzystandan, Müsürden, Alžirden, Tunisden, Marokkodan we beýleki ýurtlardan ýaş aşpezler milli tagamlaryny hödürlärler.

Mundan başga-da, myhmanlar gatnaşyjy ýurtlaryň medeni aýratynlyklary bilen tanyşarlar, şeýle hem dogry iýmitlenmek baradaky okuw sapaklaryny diňläp bilerler.

Bäsleşige 25 ýaşa çenli zehinli aşpezler gatnaşarlar. Bu ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin aşpezler deslapky bäsleşikde ýerli önümlerden 3 tagam taýýarladylar. Her gatnaşyjynyň ýanynda halypa hökmünde ussat aşpez berkidildi.

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» ХV Halkara ykdysady forum Tatarystanyň paýtagtynda 14-19-njy maý aralygynda geçýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026