Future Skills4All Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär


BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy Bilim taslamasy bilen hyzmatdaşlykda türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak we hünär başarnyklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen Future Skills4All başlangyjyna goşulýar. Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetçilikleri ilerletmek” atly sebit taslamanyň Türkmenistan boýunça şahamçasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Bu sebit taslamasynyň çäklerinde 660 türkmenistanly ýaşlar Сoursera, onlaýn-bilim platformasynda hünär başarnyklaryny almak üçin dürli okuw maksatnamalaryny geçip bilerler. Hünär bilimine bu innowasion çemeleşme okuwçylara üýtgäp durýan zähmet bazaryna taýýarlanmaga ýardam berer. Onlaýn okuwlardan başga-da, okuwçylara ýerli hünärmenler tarapyndan maslahatlar berler.
Future Skills4All 3 ugur: Köpugurly başarnyklar, Telekeçilik başarnyklary we Hünär/tehniki başarnyklar ugurlary boýunça bilim berýär. Okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan islendik ugurlary saýlap bilerler. Esasy ugurlaryna goşmaça okuwlara gatnaşyjylar globallaşmak, ykdysady ösüş, emeli intellekt, binýatlyk sanly başarnyklar, buhgalteriýa hasabaty, dizaýn, marketing IT-goldaw, “Bulut” hasaplamalary, kiberhowpsuzlyk, taslamalary dolandyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, durnukly şäherler ýaly we beýleki köp ugurlar boýunça ýörite hünär başarnyklaryny alyp bilerler.
Nädip ýazylmaly:
Döwlet edaralary, durmuş ugurly hususy kompaniýalar, jemgyýetçilik guramalary we beýleki hyzmatdaş guramalar onlaýn okuwlary geçmek üçin ýaşlary hödürläp bilerler. Gatnaşmak üçin şu görnüşi görnüşi doldurmaly.
Göni ýazylmak: Türkmenistanda ýaşaýan, 16 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýaşlar aşakdaky salgy boýunça onlaýn-ýüz tutmany dolduryp maksatnama ýazylyp bilerler.
BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy Future Skills4All başlangyjyny durmuşa geçirmegi maglumat sessiýasyndan başlar. Bu sessiýa 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda sagat 15:00-da BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçiriler.
Future Skills4All başlangyjy barada maglumat almak üçin şu salga elektron hat ugradyp bilersiňiz youthfutureskills@gmail.com.
ORIENT news








