Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aşgabatda gepleşikleri geçirdi


Şu gün 13-nji maýda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Toşiaki Endonuň ýolbaşçylygyndaky ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalarynyň Aşgabatda saparnyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirildi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşykda şu ýylda Aşgabada «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji Sammitini geçirmek bilen baglanyşykly we bu formatdaky parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek bilen baglanyşykly meselerler ara alnyp maslahalaşyldy.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news








