HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Gruziýanyň ylmy we döredijilik intellegensiýa wekilleriniň duşuşygy

Maý 10, 2024 | 19:20 |11378
2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilinde neşir edilmegi boýunça onlaýn duşuşyk gurnady.2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilinde neşir edilmegi boýunça onlaýn duşuşyk gurnady.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilinde neşir edilmegi boýunça onlaýn duşuşyk gurnady.

Duşuşyga türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow ýolbaşçylyk etdi. Gruzin tarapyndan bolsa Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili, Gruziýanyň “Gulani” halkara ýazyjylar, suratkeşler we jemgyýetçilik işgärleriň prezidenti, ýazyjylaryň döredijilik birleşiginiň agzasy Naira Marşaniýa hem-de Suratkeşleriň Altyn gaznasynyň terjimeler bölüminiň ýolbaşçysy Şorena Boçarişwili gatnaşdylar.

1.jpg

Duşuşykda taraplar dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde medeni – ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ornuny belläp geçdiler.

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny neşir etmek meselesi boýunça D.Orazsähedow beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime edendigi üçin M.Gonaşwilä minnetdarlygyny bildirdi. Bu neşiriň gruzin okyjylarynyň beýik şahyryň we akyldaryň döredijiligi bilen tanyşmaklaryna, türkmen halkynyň baý medeniýetini öwrenmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem Magtymgulynyň 300 ýyllygyny bellemekde ýene bir gymmatly goşant boljakdygyny aýtdy.

2.jpg

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň döredijilik we ylmy intellegensiýalarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmekde iki ýurduň we olaryň halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam boljakdygyna ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026