HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi

Maý 09, 2024 | 21:15 |13298
2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy.2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy.

Bu uly göwrümli maýa goýum forumy her ýyl hökümet wekillerini, işewür ýolbaşçylary, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, şeýle hem pudagyň öňdebaryjylaryny we ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlaryny ösdürmäge hem-de dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän taraplary ýygnaýar.

1.jpg

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, BAE-niň wekiliýetleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek, iri ýataklarda öndürijiligi ýokarlandyrmak ugrundaky täze aragatnaşyk gurallary, şeýle-de ekologiýa taýdan arassa önümçiligi, innowasiýa tehnologiýalaryny we nou-haulary girizmek ýaly derwaýys meseleler ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine girizildi.

2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026