Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasyny utgaşdyrmak üçin iş toparlaryny dörederler


Kabul şäherinde türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşygy geçirildi. «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow we Kabuldaky ilçi Hoja Öwezow edaranyň ýolbaşçysy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň gidişi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly dürli meseleler barada pikir alyşdylar.
Ministriň wezipesini ýerine ýetiriji wekiliýeti mähirli garşylap, Türkmenistany ýakyn goňşy we dogan halk hökmünde häsiýetlendirdi. Ol sebitdäki ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady gatnaşyklary we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň Owganystanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy. Mundan başga-da, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň strategiki ähmiýetine ünsi çekip, TOPH taslamasynyň diňe bir Kabul üçin möhüm bolman, eýsem, taslama gatnaşyjy beýleki üç ýurt üçinem bähbitlidigini we onuň durmuşa geçirilmegi üçin Owganystanda hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny aýtdy.
«TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory ministrligiň ýolbaşçylary bilen geçirilen netijeli gepleşikde soňky döwürde taslamanyň gidişi barada jikme-jik maglumat berdi, amaly we tehniki taraplary aýratyn belläp, nobatdaky ädimleri beýan etdi diýip, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasy habar berýär.
Ara alyp maslahatlaşmalarda işiň depginini çaltlaşdyrmak barada ylalaşyldy: iki tarap hem taslamanyň ähli ugurlaryny netijeli utgaşdyrmak üçin ýörite iş toparlaryny döretmek barada ylalaşdy. Mundan başga-da, TOPH taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Owganystanda bar bolan hakyky maýa goýum we iş bilen üpjünçilik mümkinçiligini dünýä jemgyýetçiligine görkezjekdigi tassyklanyldy.
Ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň TOPH taslamasyna yzygiderli goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we onuň tiz wagtda durmuşa geçirilmeginiň örän zerurdygyny tassyklap, öz tarapyndan doly derejeli goldawy üpjün etjekdigine ynandyrdy.
ORIENT news








