HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen işewürleri Malaýziýada “halal” önümleriniň halkara sergisine çakylyk aldylar

Maý 11, 2024 | 09:25 |11584
Türkmenistanyň kompaniýalary şu ýylyň 17-20-nji sentýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Malaysia International Halal Showcase (MIHAS) Halal önümleriniň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.Türkmenistanyň kompaniýalary şu ýylyň 17-20-nji sentýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Malaysia International Halal Showcase (MIHAS) Halal önümleriniň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.
Çeşme: islamnews.ru

Türkmenistanyň kompaniýalary şu ýylyň 17-20-nji sentýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Malaysia International Halal Showcase (MIHAS) Halal önümleriniň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Sergi Malaýziýanyň Halkara söwdasy we senagaty ministrliginiň goldaw bermeginde guralýar. Sergi iýmit önümleri we içgiler, “halal” kosmetika, yslam modasy we dokma önümleri, derman we arassaçylyk serişdeleri ýaly ugurlary boýunça geçirilýär.

Bu çäre meşhur kompaniýalaryň bölek satuw söwda nokatlaryny, distribýuterleriň, myhmanhanalary we restoranlary önümler bilen üpjün edýän kompaniýalaryň wekillerini “halal” senagatynyň möhüm meslelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär.

Malaýziýada geçiriljek “halal” önümleriniň halkara sergisi pudakda uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi täze hyzmatdaşlary we müşderileri tapmak, şeýle hem bu ugurdaky täze meýilleri öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

MIHAS-2024-e gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalary Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler:

Telefon belgiler: +993 12 468421 ; +993 12 468422 Elektron poçta: mwashgabat@kin.gov.my

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026