Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik – pederlerimiziň beýik ahlak mekdebi!


Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna Türkmenistanda gurnalýan çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna, paýhasly ýaşululara, mukaddes ojaga wepaly enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.
Aragatnaşyk pudagynda onlarça ýyl zähmet çeken Walentina Žerdowa we Marguşa Aýriýewa urşa gatnaşanlaryň we onda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň abadançylygy barada yzygiderli aladasy we olaryň abadan ýaşamagy üçin döredýän ähli şetleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.
Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan ýurduň şöhratly gerçekleri, türkmen ýaşlary üçin watansöýüjilik, edermenlik, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik we arassa ahlaklylyk ýaly mukaddes ýörelgeleriň belent nusgasydyr.
ORIENT news








