HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa geldi

Maý 08, 2024 | 20:27 |9103
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa geldi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa geldi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Çeşme: Sputnik

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa geldi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Ozal Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere çagyrypdy, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlapdy. RF-niň döwlet Baştutany Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda kemala gelen dostluk däpleriniň iki ýurduň we halkyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli dabaralara Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem gatnaşarlar.

Kubanyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti Umaru Sisoku Embalo hem gatnaşandyklaryny tassykladylar.

Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly harby ýöriş 9-njy maýda Gyzyl meýdançada geçiriler. Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu 9 müňden gowrak adamyň, 70-den gowrak harby tehnikanyň, şeýle hem uçarman toparlarynyň dabaraly harby ýörişe gatnaşjakdygyny habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026