HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin «Dünýäniň hakydasy» komitetiniň 10-njy mejlisine gatnaşýar

Maý 09, 2024 | 12:36 |10529
ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin «Dünýäniň hakydasy» komitetiniň 10-njy mejlisine (MOWCAP) gatnaşýar.ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin «Dünýäniň hakydasy» komitetiniň 10-njy mejlisine (MOWCAP) gatnaşýar.
Çeşme: mowcapunesco.org

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin «Dünýäniň hakydasy» komitetiniň 10-njy mejlisine (MOWCAP) gatnaşýar.

Bu çäre Mongoliýanyň Medeniýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Mongoliýanyň milli topary tarapyndan bilen bilelikde guralýar.

Mejlise ÝUNESKO-nyň düzümine girýän 23 ýurtdan wekiller gatnaşýar.

Nobatdaky mejlisiň açylyş dabarasynda Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça komitetiniň başlygy Kwibae Kim we Mongoliýanyň Medeniýet ministri Çinbatyn Nomin çykyş etdi.

Mejlise gatnaşyjylar MOWCAP maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNESKO agza ýurtlaryň milli toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýurduň soňky üç ýylda eden tagallalary baradaky syn bilen çykyş etdi.

1998-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin «Dünýäniň hakydasy» komiteti ÝUNESKO-nyň ählumumy «Dünýäniň hakydasy» başlangyjynyň bir bölegidir. Onuň esasy maksady Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň dokumental mirasynyň goralmagyny we oňa elýeterliligi üpjün etmekde, şeýle hem onuň ähmiýeti baradaky bilimleri artdyrmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda bu sebitiň halklarynyň dokumental mirasynyň milli ýadygärliklerini gorap saklamak bilen meşgullenýan köp sanly kitaphanalar, arhiwler we beýleki edaralar hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026