HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň saz ulgamynda hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 09, 2024 | 12:41 |9065
Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň (L’ecole Normale de Musique de Paris Alfred Cortot) professory Sergeý Markarow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhansy habar berýär.Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň (L’ecole Normale de Musique de Paris Alfred Cortot) professory Sergeý Markarow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhansy habar berýär.
Çeşme: instagram.com/embassyturkmenistaninfrance

Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň (L’ecole Normale de Musique de Paris Alfred Cortot) professory Sergeý Markarow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhansy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň ugurdaş bilim edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Hususan-da, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň zehinli pianinoçylary taýýarlamak ugrunda özara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebi Fransiýanyň medeni abraýyny belende götermek we bitewi pedagogika arkaly beýik mugallymlary hem-de zehinli sazandalary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, XX asyryň iň beýik pianinoçylarynyň biri bolan Alfred Korto tarapyndan esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu bilim edarasynda dürli ýurtlardan, şol sanda Hytaýdan, Ýaponiýadan, Russiýadan we Koreýadan gelen talyplar bilim alýarlar.

Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň professory Sergeý Markarow meşhur pianinoçydyr. Ol ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna we işlerine ygrarlydygy hem-de nusgawy sazlar arkaly medeniýetleriň dialogyna goşan goşandy üçin 2002-nji ýylda «ÝUNESKO-nyň parahatçylyk ugrundaky artisti» adyna mynasyp boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026