HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli film surata düşürildi we kitap neşir edildi

Maý 10, 2024 | 10:07 |9518
Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde şahyryň goşgular ýygyndysy gyrgyz dilinde neşir edildi.Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde şahyryň goşgular ýygyndysy gyrgyz dilinde neşir edildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde şahyryň goşgular ýygyndysy gyrgyz dilinde neşir edildi.

«Magtymguly: Saýlanan eserler» atly bu ýygynda şahyryň 66 goşgusy girizildi. Täze neşir arkaly gyrgyz okyjylary Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dillerinde ýakyndan tanyşyp bilerler.

Mundan başga-da, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Türkmenistanyň Ilçishanasynyň ýardam bermeginde «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental filmini taýýarlady. Film Gyrgyzystanda surata düşürildi.

Gyrgyz diline terjime edilen film 2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda ýurduň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» и «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkeziler.

Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film gymmatly taryhy maglumatlary hem-de gyrgyz ylmy intelligensiýasynyň wekilleri bilen interwýulary özünde jemleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026