HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Buharada geçirilen altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň halkara festiwalyna gatnaşdy

Maý 11, 2024 | 09:13 |9717
Türkmenistandan zergär Göwher Nuryýewa we dizaýner Jennet Garlyýewa Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilýän ikinji Halkara altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň festiwalyna gatnaşdylar.Türkmenistandan zergär Göwher Nuryýewa we dizaýner Jennet Garlyýewa Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilýän ikinji Halkara altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň festiwalyna gatnaşdylar.
Çeşme: uza.uz

Türkmenistandan zergär Göwher Nuryýewa we dizaýner Jennet Garlyýewa Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilýän ikinji Halkara altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň festiwalyna gatnaşdylar.

Göwher Nuryýewa festiwalyň myhmanlaryny özüniň şaý-sepleri bilen tanyşdyrdy, Jennet Garlyýewa bolsa egin-eşik toplumlaryny halka hödürledi. Bu toplumlar Özbegistandan ýüpek öndürijisi Aziz Murtazaýew bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işiniň halkara festiwaly altyn bilen keşdelemek we zergärçilik işi pudagynda işleýän zehinli hünärmenleri ýüze çykarmaga, ýitip barýan, täsin sungat eserlerini gorap saklamaga we dikeltmäge gönükdirilendir.

Festiwala gatnaşmak üçin 42 ýurtdan 157 senetçi we myhman, şeýle hem Özbegistanyň ähli sebitlerinden 280 senetçi geldi.

Halkara festiwalyň çäklerinde dürli sergiler, aýdym-sazly sahna çykyşlary, şeýle hem «Adaty altyn bilen keşdelemek we zergärçilik sungatlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat guralar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026