HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaý: medeni hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar

Aprel 27, 2024 | 08:48 |13329
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Şandunda medeni syýahatçylyk ulgamy boýunça ýokary derejede geçirilen maslahatda çykyş etdi. Maslahat Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň gatnaşmagynda «Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresiniň çäklerinde geçirildi.Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Şandunda medeni syýahatçylyk ulgamy boýunça ýokary derejede geçirilen maslahatda çykyş etdi. Maslahat Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň gatnaşmagynda «Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresiniň çäklerinde geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Şandunda medeni syýahatçylyk ulgamy boýunça ýokary derejede geçirilen maslahatda çykyş etdi. Maslahat Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň gatnaşmagynda «Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresiniň çäklerinde geçirildi.

Öz çykyşynda diplomat Türkmenistan bilen Hytaýyň medeni-ynsanperwer ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Parahat Durdyýew Şandun welaýaty bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň we Hytaýyň Gündogar welaýatynyň köp ýyllaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça haryt söwdasyny amala aşyrandyklaryny hem-de bilim we tejribe alyşandyklaryny belledi.

2023-nji ýylda “Merkezi aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň medeniýetiniň we sungatynyň ýylynyň” çäklerinde geçirilen çärelerde Şandun welaýaty hem tanyşdyryldy. Öz gezeginde, Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly giňden belleniler.

Şandun gaadymy Hytaýyň beýik akyldary we filosofy Konfusiniň Watanydyr. Onuň döredijilik mirasy hytaý medeniýetiniň ösmegine öz täsirni ýetirdi.

Hemişelik Bitarap Türkmeinstanyň häzirki syýasy filosofiýasyna Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy çuňňur täsrini ýetiridi. Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Magtymguly hem Konfusiý ýaly, öz şygyrlarynda parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we dostlyga çagyrypdy.

«Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresine gatnaşýan diplomatlaryň ilkinji topary hökmünde biz Şandun welaýatynda gazanan tejribämizi we özümizde galan täsirleri öz halklarymyzyň wekilleri bilen paýlaşarys», - diýip ilçi belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026