HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Apple» garaşylmadyk sowgat taýýarlaýar: täze önümleriň tanyşdyrylyşy 7-nji maýda!

Aprel 24, 2024 | 11:02 |6921
7-nji maýda «Apple» nobatdaky çäresini geçirer, onuň dowamynda täze «iPad» enjamlarynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Çärä çakylyklar eýýäm iberildi, mahabat şekillerinde bolsa «Apple Pencil» elektron galamy ýerleşdirilipdir, munuň özi bu ugurdaky täze önümlere degişli aýdyň yşaratdyr.7-nji maýda «Apple» nobatdaky çäresini geçirer, onuň dowamynda täze «iPad» enjamlarynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Çärä çakylyklar eýýäm iberildi, mahabat şekillerinde bolsa «Apple Pencil» elektron galamy ýerleşdirilipdir, munuň özi bu ugurdaky täze önümlere degişli aýdyň yşaratdyr.
Çeşme: Apple

7-nji maýda «Apple» nobatdaky çäresini geçirer, onuň dowamynda täze «iPad» enjamlarynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Çärä çakylyklar eýýäm iberildi, mahabat şekillerinde bolsa «Apple Pencil» elektron galamy ýerleşdirilipdir, munuň özi bu ugurdaky täze önümlere degişli aýdyň yşaratdyr.

2024-nji ýyldaky «iPad Pro» enjamlarynyň 2021-nji ýyla degişli, «M1» çipleri bilen işleýän nusgalar bilen deňeşdirilende, köp sanly täzelenmelere eýe bolmagyna garaşylýar. Täze enjamlar «M3» prosessorlary, has inçe çarçuwaly OLED displeýleri, kämilleşdirilen dizaýn we ähtimal, «MagSafe» simsiz zarýad beriji bilen üpjün edilip biler. Mundan başga-da, «Apple» kompaniýasy «Apple Pencil» elektron galamyny we has uly trekpadly, alýumin korpusly täzelenen «Magic Keyboard» klawiaturasyny tanyşdyryp biler.

«IPad Pro-dan» başga-da, çärede «iPad Air» enjamynyň täzelenen nusgalary, şol sanda onuň täze 129 dýuýmlyk nusgasy görkezilip bilner. Täze «iPad Air-iň» «M2» çipleri bilen üpjün edilmegine garaşylýar.

«Bloomberg» neşiriniň hünärmeni Mark Gurmanyň soňky hasabatyna görä, «Apple» dükanlarynda häzirki «iPad Air» enjamlarynyň sany azalýar, bu täze önümleriň ýakyn wagtda yglan ediljekdigini tassyklap biler.

Goşmaça:

Senesi: 2024-nji ýylyň 7-nji maýy.

Wagty: Ýuwaş umman wagty bilen 7:00.

Formaty: Onlaýn ýaýlym.

Nirede tomaşa etmeli:

«Apple» kompaniýasynyň resmi saýty: https://www.apple.com/store

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026