HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi dermanlyk ösümligiň ulanylyş usulyny işläp taýýarlady

Aprel 25, 2024 | 11:03 |6672
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman serişdelerini bellige almak we döwlet gözegçiligi merkezi  kyrkbogun ösümliginiň farmakopeýasyny bellige aldy.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman serişdelerini bellige almak we döwlet gözegçiligi merkezi  kyrkbogun ösümliginiň farmakopeýasyny bellige aldy.
Çeşme: TYA-nyň Tehnologiýalar Merkezi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman serişdelerini bellige almak we döwlet gözegçiligi merkezi kyrkbogun ösümliginiň farmakopeýasyny bellige aldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar tarapyndan işlenip taýýarlanyldy diýip ORIENTE Merkezde habar berdiler. Derman serişdeleriniň önümçilik tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň we ylmy işgäri Berdi Berdiýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barlan işler daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdeleriň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde alnyp baryldy.

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi baý çig mal gory bilen tapawutlanýar diýip Altyn Rahmanowa belleýär. Kyrkbogun we garabaş ösümlikleri özüniň uýgunlaşan çäginde giňden ýaýraýar. Olaryň düzüminde flawonoidler, antrahinonlar, eýleýji maddalar, fenolkarbon, ýag we organiki turşulyklar, efir ýagy, glýukoza, fruktoza we saharoza görnüşindäki uglewodlar, betakarotin С witamini we beýlekiler bar.

Alymyň aýtmagyna göra garabaş ösümligi gurplandyryjy häsiýete eýe bolup geçirilen dürli kesellerden soňra adam bedeniniň dikeldilmegine ýardam berýär. Halk lukmançylygynda kyrkbogun ösümligi gan basyşyny düşürmekde, gan akyşyny saklamakda we çişlere garşy ulanylýar. Geçirilen barlaglar garabaş ösümliginiň gan uýadyjy we antimikrop häsiýetleriniň bardygyny görkezdi. Şeýle hem ol wagt birliginde ýürek urgularynyň sanyny artdyrýar.

Kyrkbogun ösümligi babasil gan akmalarynda, gipertoniýada aşgazan we aşgazan-içege ýollarynyň ýaralarynda, dizenteriýada, öýken inçekeselinde we gyzzyrma keselinde ulanylýar. Şeýle hem çişleriň käbir görnüşini bejermekde, öt haltada daş dörände, ysytmada, newrosteniýada ulanylýar.

Şeýle hem bu ösümligi adaty dümewi çakyzany, dürli içgi organlarynyň kesellerini bejermekde ulanýarlar. Garabaş ösümligini gastriti aşgazan ýaralaryny, böwrek kesellerini öýkeniň patalogiýasyny, sistiti we peşew ýollarynyň beýleki ýokanç kesellerini bejermekde ulanýarlar. Kyrkbogun dürli deri kesellerinde hem ulanylýar. Adaty lukmançylykda garabaş oty umumy taplandyryjy, şeýle hem peşew çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026
17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

16:20 Iýul 24, 2026