HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Guziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Aprel 24, 2024 | 18:03 |6694
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Arweladzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Arweladzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Arweladzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler, olar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygy, ulag-logistika we energetika infrastrukturasyny ösdürmek üçin bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk saklamak üçin şertleri döretmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Ilçi 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýdyp, G.Arweladza bu senä bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreler barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň bähbidi üçin işjeň ösjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyk dostlukly we ynanyşmak ýagdaýda geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026