HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglary daşary ýurt banklarynyň kartlaryny kabul edip başlady

Aprel 25, 2024 | 14:33 |8515
Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglary ulgamy, şol sanda metro, awtobuslar we paromlar syýahatçylara daşary ýurt banklarynyň kartlary bilen tölemek mümkinçiligini hödürläp başlady.Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglary ulgamy, şol sanda metro, awtobuslar we paromlar syýahatçylara daşary ýurt banklarynyň kartlary bilen tölemek mümkinçiligini hödürläp başlady.
Çeşme: english.shanghai.gov.cn

Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglary ulgamy, şol sanda metro, awtobuslar we paromlar syýahatçylara daşary ýurt banklarynyň kartlary bilen tölemek mümkinçiligini hödürläp başlady.

Bu başlangyç Şanhaýa gelýän daşary ýurtly myhmanlara jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlarynyň giň gerimini hödürlemek bilen, syýahatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglarynyň kartlaryny öndürýän kompaniýasy (Shanghai Transport Card company) töleg hyzmatlary üçin gysga görkezmeleri taýýarlady. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara öz wagtynda we täsirli çözgütleri hödürlemek üçin şäherde degişli hyzmat nokatlary işläp başlady.

Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglaryna elýetrlilik ýörite QR kody, NFC ykjam ulag karty we fiziki ulag kartlary arkaly amala aşyrylýar.

Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglarynyň QR-kody iki ölçegli ştrih-kod bolup, ulanyjylara öňünden pul tölemezden Şanhaýyň awtobuslarynda, paromlarynda we metrolarynda syýahat etmäge mümkinçilik berýär. QR-koduna elýeterliligi «Shanghai Public Transport» ykjam programmasy ýa-da «Alipay» töleg ulgamy arkaly üpjün edip bolýar.

NFC ykjam ulag kartyny «Shanghai Public Transport» ykjam programmasy arkaly ulanyp bolýar. Ol işe girizilenden soň, ulanyjylar «Shanghai Transport Card» ykjam programmasynda «Alipay» arkaly birikdirilen daşary ýurt bank kartyny saýlap, hasabyny dolduryp bilerler.

Fiziki kartlaryň hasabyny ýörite ykjam enjamlarda dolduryp bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

23:30 Iýul 20, 2026
Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

23:22 Iýul 20, 2026
Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

23:13 Iýul 20, 2026