HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň GFR-däki konsuly resmi ýagdaýda öz wezipesini ýerine ýetirmäge başlady

Aprel 23, 2024 | 23:04 |9700
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Hessen federal ýeriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda Hessen ýeriniň döwlet kanselýariýasynda (Wisbaden şäheri) bu ýeriň Federal, Ýewropa we halkara işleri we býurokratiýasyzlaşdyrmak ministri Manfred Pents bilen Hessende akkreditirlenen täze bellenen daşary ýurtly konsullar bilen duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Hessen federal ýeriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda Hessen ýeriniň döwlet kanselýariýasynda (Wisbaden şäheri) bu ýeriň Federal, Ýewropa we halkara işleri we býurokratiýasyzlaşdyrmak ministri Manfred Pents bilen Hessende akkreditirlenen täze bellenen daşary ýurtly konsullar bilen duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Germaniýadaky konsullygy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Hessen federal ýeriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda Hessen ýeriniň döwlet kanselýariýasynda (Wisbaden şäheri) bu ýeriň Federal, Ýewropa we halkara işleri we býurokratiýasyzlaşdyrmak ministri Manfred Pents bilen Hessende akkreditirlenen täze bellenen daşary ýurtly konsullar bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda döwlet ministri diplomatlary Döwlet kanselýariýasynyň esasy wezipeleri we işleri, Hessen federal ýeriniň söwda we ykdysady mümkinçilikleri we medeni dürlüligi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen birlikde, bu sebitde ýerleşýän we Germaniýanyň maliýe, ulag, medeni, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda möhüm merkezlerinden biri bolan Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň ähmiýeti nygtaldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýew türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny we geljegini belläp geçdi. Şol bir wagtyň özünde, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hasam artdyrmak, medeni, bilim we lukmançylyk ugurlary bilen Germaniýa, şol sanda Germaniýanyň aýry-aýry sebitleri bilen gatnaşyklary güýçlendirmek üçin türkmen tarapynyň taýýardygy barada bellenilip geçildi.

staka-eb05_staatskanzlei_hotel_rose-1.jpg

Türkmenistanyň konsuly bilen döwlet ministri M.Pentsiň arasynda geçirilen ikiçäk söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebit derejesinde ikitaraplaýyn syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek, medeni we ynsanperwer dialogyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns çekdiler.

Hususan-da, M. Pents Hessen hökümetiniň Türkmenistan bilen özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn gyzyklanma bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, Hessen döwlet kanselýariýasynyň Türkmenistanyň Frankfurtdaky konsullygynyň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek işine ýardam bermäge taýýardygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, Germaniýanyň iň möhüm maliýe we senagat sebitleri bilen söwda, maliýe we maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet ministri agzalan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini düýpli ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň konsullygy bilen gepleşikleri dowam etdirmegiň tarapdarygyny belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026