HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde dünýäde iň kuwwatly wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen tanyşdyryldy

Aprel 24, 2024 | 11:16 |18108
Daşkent şäherinde geçýän «Innoprom. Merkezi Aziýa» sergisiniň çäklerinde  Russiýa Federasiýasynyň NAMI Döwlet ylmy merkezi dünýäde iň kuwwatly we taryhda ilkinji wodorod awtoulagy  NAMI Hydrogen bilen tanyşdyrdy.Daşkent şäherinde geçýän «Innoprom. Merkezi Aziýa» sergisiniň çäklerinde  Russiýa Federasiýasynyň NAMI Döwlet ylmy merkezi dünýäde iň kuwwatly we taryhda ilkinji wodorod awtoulagy  NAMI Hydrogen bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: rbc.ru

Daşkent şäherinde geçýän «Innoprom. Merkezi Aziýa» sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň NAMI Döwlet ylmy merkezi dünýäde iň kuwwatly we taryhda ilkinji wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen bilen tanyşdyrdy.

Aurus Senat premium sedanyň binýadynda döredilen bu awtoulag özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol üç sany elektrohereketlendiriji bilen üpjün edildi. Hereketlendirijileriň biri awtoulagyň öň tarapynda, ikisi bolsa yz tarapynda ýerleşdirildi. Olaryň her biriniň kuwwaty 340 at güýjüne deň bolup, jemi 1020 at güýji sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär.

Wodorod ýangyjy 700 atmosfera basyş güýji bilen 8 kilograma çenli gazy özüne sygdyryp bilýän üç sany ballonlarda saklanylýar. Munuň özi awtoulaga ýangyç guýmazdan 870 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär.

Ilkinji wodorod awtoulagy hökmünde NAMI Hydrogen 2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Ýelabuga şäherinde Aurus zawodynyň açylyş dabarasynda tanyşdyryldy. Şondan bäri institut bu awtoulagyň üç görnüşini çykardy we olar häzirki wagtda synagdan geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026