HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Transrussiýa internet geçirijisi Günorta Koreýa çenli çekiler

Aprel 22, 2024 | 23:28 |6499
«Новоя ТрансЕврАзийская волоконно-оптическая линия связи» (TEA NEXT) aragatnaşyk ulgamyny gurýan Russiýanyň «Атлас» kompaniýasy bu internet geçirijisini Günorta Koreýa çenli çeker we soňra ony Ýerwopa bilen birleşdirer.«Новоя ТрансЕврАзийская волоконно-оптическая линия связи» (TEA NEXT) aragatnaşyk ulgamyny gurýan Russiýanyň «Атлас» kompaniýasy bu internet geçirijisini Günorta Koreýa çenli çeker we soňra ony Ýerwopa bilen birleşdirer.
Çeşme: 6tv.ru

«Новоя ТрансЕврАзийская волоконно-оптическая линия связи» (TEA NEXT) aragatnaşyk ulgamyny gurýan Russiýanyň «Атлас» kompaniýasy bu internet geçirijisini Günorta Koreýa çenli çeker we soňra ony Ýerwopa bilen birleşdirer.

Häzirki wagtda Nahodka – Pusan (Günorta Koreýa) suwasty aragatnaşyk ulgamy öwrenilýär. TEA NEXT-iň ne Demirgazyk buzly ummanynyň üsti bilen, ne-de Gyzyl deňziniň üsti bilen bäsdeşleriniň bolmajakdygy çaklanylýar.

TEA NEXT TransÝewrAziýa optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy Russiýanyň günbatar we gündogar çetlerini ýurduň iri şäherleri bilen baglanyşdyrar. Bu internet ulgamy Russiýanyň Mongoliýa hem-de Hytaý bilen araçäklerine çykyp, şeýle hem Nahodkadaky suwasty aragatnaşyk ulgamlarynyň kenardaky beketleri bilen birleşdiriler.

Optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslama göwrümi 96 süýüme deň bolar.

Geçen ýylyň aýaklarynda Russiýanyň «Ростелеком» telearagatnaşyk kompaniýasy TEA NEXT-iň üçünji tapgyrynyň gurluşygyna başlandygyny habar berdi. Ol Russiýanyň Mongoliýa bilen araçägine çykmak bilen, Toržok we Kýahta (Buratiýa Respublikasy) şäherleriniň arasynda aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegini göz öňünde tutýar. Şu ýylyň mart aýynda bolsa «Ростелеком» bu geçirijiniň Sank-Peterburgdan Moskwa çenli ikinji tapgyrynyň täjirçilik taýdan ulanmaga taýýardygyny habar berdi.

Optiki süýümi geçirijiniň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etmek üçin «ВЭБ.РФ» Taslamalary maliýeleşdirmek fabrikasynyň pul serişdelerini çekmek meýilleşdirilýär.

Günabatar ugry boýunça TEA NEXT geçirijiisi Latwiýa bilen araçäge çykdy, ýöne ondan aňyry geçmedi. Aziýa tarapynda bolsa Mongoliýa bilen araçäkdäki Kýahta şäherinden Hytaý bilen araçäge çenli bölegiň gurluşygyny mongoliýaly hyzmatdaşlar amala aşyrar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026