HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginde Magtymgula bagyşlanyp döredijilik agşamy geçirildi

Aprel 19, 2024 | 16:48 |5937
18-nji aprelde Minskde Edebiýatçylar öýüniň uly binasynda beýik türkmen şahyry
we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp
döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Belarus
Respublikasyndaky ilçihanasy Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşigi bilen
bilelikde gurady.18-nji aprelde Minskde Edebiýatçylar öýüniň uly binasynda beýik türkmen şahyry
we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp
döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Belarus
Respublikasyndaky ilçihanasy Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşigi bilen
bilelikde gurady.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

18-nji aprelde Minskde Edebiýatçylar öýüniň uly binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde gurady.

1-2.jpg

Döredijilik duşuşygyna Belarusuň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, “Zwezda” neşirýat öýüniň baş redaktory, direktory Ales Karlýukewiç, meşhur şahyrlar Kazimir Kameýşa, Naum Galperowiç, Wiktor Şnip, Belarus Ýazyjylar birleşiginiň jogapkär işgärleri, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanlylar, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Ales Karlýukewiç we Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

2-2.jpg

Belarusuň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Magtymgulynyň edebi mirasyny ýaýmak hem-de öwrenmek boýunça türkmen tarapy bilen bilelikde meýilleşdirilýän “tegelek stol” barada gürrüň berdi hem-de belarus we türkmen talyplaryny bu çärä we beýleki göz öňünde tutulýan duşuşyklara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

3-1.jpg

Belarusuň Ýazyjylar birleşigi we “Zwezda” neşirýat öýi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi baradaky materiallaryň toplumyny öz neşirlerinde we internet ulgamynda çap etmek üçin taýýarlady, şeýle hem belli belarus ýazyjylary tarapyndan belarus diline terjime edilen goşgulary hem taýýarlanyldy.

5.JPG

Türkmenistanyň ilçisi çärä gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli onuň pelsepewi we edebi mirasyny dünýäde giňden ýaýmak maksady bilen, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda geçiriljek iri halkara çäreler barada gürrüň berdi.

6-1.JPG

Belarusuň Ýazyjylar birleşiginiň wekilleri, şeýle hem Minskiniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary duşuşykda çykyş etdiler. Olar Magtymgulynyň döredijiligi baradaky pikirlerini paýlaşdylar we goşgularyny okadylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan taýýarlanylan wideorolik görkezildi, şeýle hem fotosergi, Türkmenistanyň milli mirasyny beýan edýän gymmatlyklaryň sergisi, sungat we edebi çykyşlar guraldy. Ýerine ýetirilen milli tans hem-de baýramçylyk konserti çäräniň dabarasyny artdyrdy.

7.JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026