HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Taraplar Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny gruzin dilinde neşir edilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 19, 2024 | 15:28 |7580
2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

M.Gonaşwili wekiliýete Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlap hut özüniň üstünde işlän, beýik türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilindäki terjimesini görkezdi. Ol Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysyny ýakyn wagtda gruzin dilinde neşir etmek boýunça başlangyjy bilen çykyş etdi, şeýle hem dünýäniň ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruzin halkynyň ýakyndan tanyşmagyna ýardam boljakdygyny aýratyn belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň döredijilik hem-de ylmy intellegensiýalarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam boljakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026