HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ýurtdaky düzümleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi

Aprel 18, 2024 | 19:58 |7133
18-nji aprelde, penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.18-nji aprelde, penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

18-nji aprelde, penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň gün tertibine BMG-niň 2026-2030-njy ýyllar döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de DÖM-lere ýetmegi çaltlandyrmagyň ählumumy mümkinçilikleri ýaly meseleler girizildi.

Duşuşygyň dowamynda anyk teklipler beýan edildi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Raşid Meredow BMG we onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady we ýurduň Hökümetiniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, durnukly ulagy ösdürmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we beýleki birnäçe ugurlarda gurama bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini beýan etdi. Ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda durnukly ösüş, ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, şeýle hem ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklarynyň goralmagy, milli medeni mirasy goramak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler we bu ugurdaky pikirlerini hem-de tekliplerini paýlaşdylar.

Şeýle hem öňde boljak duşuşyklaryň we meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026