HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

Aprel 18, 2024 | 19:16 |6789
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.

Bu çärä Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen Ilçiler, Milli Ylymlar akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylaryň döredijilik bileleşiginiň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

1 (edit).jpg

Maslahatda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Roin Metreweli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Zaza Abaşidze, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyň direktory Dawut Orazsähedow, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň professory Marika Jikia, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory Rahym Hojamyradow, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor Badri Naçkebiýa, Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik bileleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili çykyş etdiler.

2-1.jpg

Ilçi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň bilelikde alyp barýan hem-de däbe öwrülen medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky gatnaşyklary, häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Ol, bu gün dünýäde medeni gepleşikleriň ornunyň we ähmiýetiniň artýandygyny aýtdy. Bu bolsa ýurtlaryň arasynda ýola goýulan özara düşünişmäge uly itergi berýän intellektual platforma bolup çykyş edýär we bular ýaly çäreleriň geçirilmegi Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda medeni, ylym we bilim pudaklaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge uly goşant goşar diýip belledi.

3-2.jpg

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweli Magtymguly Pyragynyň eserlerinde watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dostluga we doganlyga çagyryş ýaly ählumumy adamzadyň gymmatlyklary aýdyň öz beýany tapýandygyny belledi. Dünýäniň birnäçe halklarynyň dillerine terjime edilen beýik ynsanperwer şahyryň döredijiligi, dünýäniň dürli künjeklerinde adamlaryň ýüreginde ýaňlanýar we ýer şarynyň medeniýetiniň mirasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrow Magtymgulynyň şahyrana mirasy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly, aýdyň we özboluşly goşant goşandygyny aýtdy. Bu diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolman, eýsem doly hukukly dünýäniň ähli halklarynyň çeper mirasynyny düzýär.

4-3.jpg

Çykyş edenler, Magtymguly dünýä möçberindäki şahsyýet bolmak bilen, mundan ýüzlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, bu gün hem dünýä halklaryny ýokary şahyrana ruhybelentlik bilen birikdirýän, ählumumy ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan birleşdiriji güýç hökmünde hereket edýändigini bellediler.

Maslahatyň çäklerinde Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň foýesinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, onuň baý medeniýeti we ruhy mirasy bilen tanyşdyrýan amaly haşam ýöriteleşdirilen sergisi gurnaldy.

Maslahat Magtymguly Pyragy baradaky filmiň görkezilişi bilen tamamlandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026