Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

«Sinergiýa» uniwersitetiniň Aşgabatdaky wekilhanasy «Speaking Club» çäresine çagyrýar!

Aprel 18, 2024 | 16:18 |6312
26-njy aprelde «Häzirki günde goşmaça bilim: hakyky zerurlykmy ýa artykmaçlyk?» mowzugy boýunça iňlis dilinde gyzykly çekişme guralýar.26-njy aprelde «Häzirki günde goşmaça bilim: hakyky zerurlykmy ýa artykmaçlyk?» mowzugy boýunça iňlis dilinde gyzykly çekişme guralýar.
Çeşme: çäräni gurnaýjylar tarapyndan berildi

26-njy aprelde «Häzirki günde goşmaça bilim: hakyky zerurlykmy ýa artykmaçlyk?» mowzugy boýunça iňlis dilinde gyzykly çekişme guralýar.

Çäräni guraýjylar bolan «Sinergiýa» uniwersitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasy we speakingclub_tm iňlis dili bilimini resmi däl ýagdaýda kämilleşdirmek isleýän 18 – 30 ýaş aralygyndaky ýaşlary we öz-özüni ösdürmek hem-de goşmaça bilim almak bilen gyzyklanýanlary çagyrýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar pikirdeşleri bilen goşmaça bilim almak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp bilerler, şeýle hem iňlis dilinde gürleýiş endiklerini ösdürerler. Dostlukly gurşawda pikirleriňi beýan etmek, täze tanyşlyk we aragatnaşyk gurmak mümkindir.

Çäräniň alypbaryjysy – tejribeli tälimçi we Russiýanyň tiz okamak we zehini ösdürmek mekdebi IQ007-niň sertikatlaşdyrylan mugallymy Darýa Olehowa.

Geçiriljek ýeri: «Ynamly Kepil» koworking, «Joşgun» söwda merkezi

Geçiriljek wagty: 19:00.

Ýerleriň sany çäklidir, gatnaşyk töleglidir (100 manat) we (+99371) 518469 telefon belgisi boýunça öňünden hasaba alynmak arkaly amala aşyrylýar.

Gözýetimleriňizi giňeltmek, iňlis dili bilimiňizi kämilleşdirmek we täze dostlary edinmek mümkinçiligini elden gidirmäň!

Çärä ýazylyşyk eýýäm açyk!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026