HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Prompt-inžiniring boýunça ilkinji okuw sapagy guralar

Aprel 18, 2024 | 09:36 |6231
29-njy aprelde Aşgabatda açyljak “Prompt-inžiniring sungaty” atly okuw sapagy bilen özüňiz üçin generatiw neýroulgamlar dünýäsini açyň.29-njy aprelde Aşgabatda açyljak “Prompt-inžiniring sungaty” atly okuw sapagy bilen özüňiz üçin generatiw neýroulgamlar dünýäsini açyň.
Çeşme: çäräniň guramaçylary tarapyndan berildi

29-njy aprelde Aşgabatda açyljak “Prompt-inžiniring sungaty” atly okuw sapagy bilen özüňiz üçin generatiw neýroulgamlar dünýäsini açyň.

Özboluşly okuw maksatnamasy size Prompt Inžiring bilen tanyşmaga mümkinçilik berer we hemmeleri, şol sanda IT bilen gyzyklanýanlary, höwesjeňleri şeýle hem bu ulgamdaky hünärmenleri bu okuw sapagyna çagyrýar.

Prompt Inžiring – bu emeli intellekt ulgamynda täze we çalt ösýän ugur bolup, tekstleri, suratlary,sazlary we köp sanly beýlekileri döretmek üçin promtlary ulanýar. Okuw sapagy HP Inc. kompaniýasynyň promt-inženeri Rustam Guseýnowyň maksatnamasy boýunça işlenip taýýarlanyldy.

Okuw sapagy size:

Generatiw neýroulgam modelleriniň işiniň ýörelgeleri baradaky nazaryýet bilimini almaga;

Promt-inžiringiň dürli tilsimlerini we gurallaryny özleşdirmäge;

Dürli görnüşli tekstleri döretmegi, NLP meselelerini çözmegi we generatiw goşundylary işläp taýýarlamagy öwrenmäge mümkinçilik berer.

Okuw sapagynyň netijeleri boýunça siz özüňiziň jemleýji taslamaňyzy taýýarlap we ony tanyşdyryp bilersiňiz, şeýle hem HP Inc kompaniýasyndan güwänama alarsyňyz.

Bu okuw sapagy emeli intellekt ulgamynda kämilleşmek, öz taslamalaryňyzda generatiw modelleri ulanmak, promt-inžiniring we onuň mümkinçilikleri barada köpräk öwrenmek hem-de generatiw neýroulgamlar ugrunda hünärmen bolmak isleýänler üçin ajaýyp başlangyç bolar.

22-nji aprelde okuw maksatnamasynyň awtory Rustam Guseýnow tanyşdyrylyş dabarysyny geçirer.

Ýerleriň sany çäkli, gatnaşmak isleýänler (+99371) 518439 telefon belgisi boýunça hasaba alnyp bilerler.

Çäräniň geçirilýän ýeri “Joşgun” söwda merkezi.

Geçirilýän wagty: 18:30 – 20:00.

Okuw sapaklary 29-njy aprelde başlanýar.

Has giňişleýin maglumatlary almak üçin (+99371) 518439, (+99363) 026849 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026