HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi

Aprel 17, 2024 | 13:00 |6513
Sişenbe güni, 16-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat we oba hojalyk önümleri, şeýle hem elde dokalan türkmen halylary ýerlenildi.Sişenbe güni, 16-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat we oba hojalyk önümleri, şeýle hem elde dokalan türkmen halylary ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

Sişenbe güni, 16-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat we oba hojalyk önümleri, şeýle hem elde dokalan türkmen halylary ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri suwuklandyrylan gazy, «SN-350» kysymly başlangyç ýagy, şeýle hem «В» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Azerbaýjanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri düz boýalan hem-de žakkard sütükli önümleri, şeýle hem pagta süýümini satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 1 011 625,12 manatlyk we 7 093 157,66 dollarlyk 10 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026