HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Paýhas tohumlary: beýik akyldarlaryň sapaklary» taslama bäsleşigine ýüztutmalar kabul edilýär

Aprel 16, 2024 | 23:00 |7423
Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumlary: beýik akyllaryň sapaklary» atly wideorolikleriň ýa-da taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygy habar berildi.Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumlary: beýik akyllaryň sapaklary» atly wideorolikleriň ýa-da taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygy habar berildi.
Çeşme: Dutar sesleriniň guramaçylyk komitetiniň metbugat gullugy tarapyndan berildi

Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumlary: beýik akyllaryň sapaklary» atly wideorolikleriň ýa-da taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygy habar berildi.

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumlary: beýik akyldarlaryň sapaklary» atly wideorolikleriň ýa-da taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygy habar berdi.

Bäsleşik Magtymgulynyň durmuşynyň we döredijiliginiň mysalynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryny dürli halklaryň edebi hem-de aýdym-saz döredijiliginiň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdyrmak meselesini çözmäge orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çekmäge gönükdirilendir.

Bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň mowzuklaýyn ugurlary:

1.Magtymgulynyň döredijiliginde aýdym-saz we poeziýa
2.Magtymgulynyň filosofiýasy we terbiýeçilik işleri
3.Häzirki zaman sungatynda Magtymgulynyň keşbi
4.Magtymguly we A.A. Tarkowskiý

Emin agzalary gatnaşyjylaryň işine aşakdaky şertler boýunça baha bererler:
1.Mazmuny, taryhy taýdan takyklygy
2.Bezeginiň göze gelüwliligi we stilistik taýdan dürslügi
3.Maglumat bermegiň özboluşlylygy
4.Awtorlyk hukugy bilen goralan eserleriň ulanylmagy

Bäsleşigiň jemi 29-njy oktýabrda jemlener. Onuň netijeleri Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda, Paşkowyň öýünde, nota neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda, «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda yglan ediler.

Bäsleşigiň jemi «Dutaryň owazy» festiwalynyň saýtynda ýerleşdiriler:

Has anyk maglumatlary bäsleşigiň web sahypasyndan alyp bilersiňiz:

1 (edited).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026