HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikan-Türkmen akappella konsertleri Daşoguzda we Aşgabatda diňleýjilerini begendirdi

Aprel 16, 2024 | 17:31 |7046
14-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hyjuwly heňler ýaňlandy. Teatrda "Pipeline Vocal Project" amerikan toparynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň bilelikdäki akapella konserti geçirildi. Mundan öň, Amerikaly topar Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz şäherinde çykyş etdi. Bu çykyşlar ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.14-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hyjuwly heňler ýaňlandy. Teatrda "Pipeline Vocal Project" amerikan toparynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň bilelikdäki akapella konserti geçirildi. Mundan öň, Amerikaly topar Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz şäherinde çykyş etdi. Bu çykyşlar ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.
Çeşme: USEmbassy Ashgabat

14-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hyjuwly heňler ýaňlandy. Teatrda "Pipeline Vocal Project" amerikan toparynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň bilelikdäki akapella konserti geçirildi. Mundan öň, Amerikaly topar Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz şäherinde çykyş etdi. Bu çykyşlar ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.

1-3 (1).jpg

"Şu gün ABŞ-nyň demirgazyk-günbataryndan - Alaska ştatyndan - gelen ‘Pipeline Vocal Project’ wokal üçlügi sahnada çykyş eder" diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow konserti açdy. "Olaryň ýerine ýetirjek aýdymlarynyň köpüsi size tanyş eserlerdir, emma konsertiň dowamynda siz üçin garaşylmadyk sowgatlar hem ýerine ýetiriler! Şeýle hem beýik Türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy konsertiň dowamynda dabaralanar".

2-3.jpg

Aşgabatda we Daşoguzda teatrlary dolduran bilelikdäki konsertler, iki ýurduň arasynda köp ýyllyk işjeň medeni hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Bu hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tomaşaçylara dürli aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we beýleki sungatlardan lezzet almaga mümkinçilik berdi, amerikan we türkmen sungat işgärleri bolsa özara alyş-çalyş arkaly öz hünärlerini baýlaşdyrdylar.

3-4.jpg

4-2.jpg

5-2.jpg

6-2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026