Türkmenistanyň wekili Osloda geçirilen IPCI halkara parlament maslahatyna gatnaşdy


Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 10 – 12-nji aprel aralygynda Norwegiýanyň Oslo şäherinde geçirilen Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça hereketler maksatnamasyny (IPCI/ICPD) durmuşa geçirmek boýunça Parlamentarileriň 8-nji halkara maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda reproduktiw saglyk meselelerini çözmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak, zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynda göz öňünde tutulan gender deňligini gazanmagyň ýörelgelerini we usullaryny durmuşa geçirmek boýunça ýurtlaryň tejribeleri öwrenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda bu ugurda toplumlaýyn we yzygiderli alnyp barylýan işler, şol sanda kanun çykaryjylyk derejesinde hem-de BMG-niň guramalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän başlangyçlar bilen tanyşdyryldy. Bu babatda milli parlamentiň durmuş syýasaty komitetiniň agzasy Gurbanmyrat Aşyrow gürrüň berdi.
IPCI maslahaty 1994-nji ýyldaky Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasyny (Kair maksatnamasyny) durmuşa geçirmek babatda dünýäniň ähli sebitlerinden parlamentarileriň arasynda dialogy ösdürmegi maksat edinýär hem-de reproduktiw saglyk we hukuklar boýunça ählumumy syýasy ylalaşygy döretmek üçin ýörite döredilen ýeke-täk çäredir. Bu bolsa, öz gezeginde, syýasatda, maliýeleşdirmekde we hasabat bermekde oňyn milli netijeleri gazanmaklyga gönükdirilendir.
Maslahata 300-e golaý gatnaşyjy, şol sanda dünýäniň ähli sebitlerinden 200-den gowrak parlamentari, milli, sebit we ählumumy parlament toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
IPCI/ICPD maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) howandarlygynda guralýar.
ORIENT news








