Türkmenistanyň täze konsuly Astrahan oblastynyň gubernatory bilen hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdy


Astrahan oblastynyň administrasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan ş.) Gadam Ilamanow bilen Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Diplomat gubernatora Konsullyk ekzekwaturasynyň nusgasyny gowşurdy. Igor Babuşkin konsula türkmen-rus gatnaşyklaryny has-da ösmegiň bähbidine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň Astrahan oblastynyň esasy daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biridigini, ýurt bilen diňe bir ýakyn söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy däl, eýsem mäkäm dostluk gatnaşyklarynyň hem ýola goýulandygyny nygtady diýip, türkmen konsullygy habar berýär.
Astrahan oblastynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän ugurlarynyň sanawy örän giň: bu logistika, söwda, gämi gurluşygy, bilim, medeni-bilim gatnaşyklary. Häzirki wagtda esasy taslamalaryň arasynda Türkmenistanda logistika merkeziniň gurluşygy bar. Şeýle hem duşuşygyn gün tertibinde Astrahanyň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny ösdürmek, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we ýükleriň gerimini giňeltmek bilen bagly meselelere garaldy.

Astrahan oblastynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi hem möhüm meseleleriň hataryndadyr. Ýylyň dowamynda bu sebitde şygryýet agşamlary, «tegelek stollar» we mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler, olara Astrahandaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň okuwçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şol sanda Türkmenistandan bilim almaga gelen talyplar gatnaşarlar.
Gadam Ilamanow gatnaşyklary giňeltmek üçin häzirki wagtda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak üçin anyk ädimleri kesgitlemek üçin Astrahan oblastynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.
«Biz Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge berýän ünsüne ýokary baha berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ähli ugurlarynda iş alyp barmakda Siziň goşandyňyza bil baglaýaryn» diýip, Igor Babuşkin aýtdy.
Gadam Ilamanow Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýylyň fewral aýynda ýurduň Astrahandaky konsuly wezipesine bellenildi. Bu konsullyk okrugy Galmygystan Respublikasyny, Krasnodar ülkesini, Stawropol ülkesini, Astrahan oblastyny, Wolgograd oblastyny we Rostow oblastyny öz içine alýar.
ORIENT news








