Türkmenistanyň wekiliýeti AADGH + Merkezi Aziýa Strategiki dialogynyň ministrler duşuşygyna gatnaşdy


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi - Merkezi Aziýa” (GCC + Merkezi Aziýa) Strategiki dialogynyň duşenbe güni, 15-nji aprelde Daşkentde geçirilen 2-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdy.

Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň alty ýurdunyň - Saud Arabystany Patyşalygy, BAE, Katar döwleti, Kuweýt döwleti, Oman Soltanlygy we Bahreýn Patyşalygy gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar “AADGH - Merkezi Aziýa” formatynyň çäginde söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, medeni, ynsanperwer, daşky gurşaw we syýahatçylyk pudaklarynda özara peýdaly we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini we 2023-2027-nji ýyllar üçin Strategiki aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hereket Meýilnamasynyň durmuşa geçiriliş ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi we 2025-nji ýylda Özbegistanda geçiriljek AADGH - Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy öz çykyşynda ulag we aragatnaşyk, energietik, söwda, ykdysady we medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça strategiki dialoglara gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin häzirki meselelere we başlangyçlara ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Daşkentde geçirilen duşuşykdan soň Merkezi Aziýa we Aýlagynyň Arap döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
ORIENT news








