HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

14-nji maýda Russiýada halal önümleriň iň iri ýarmarkasy açylar

Aprel 16, 2024 | 09:48 |8949
14-19-njy maýda Russiýada (Kazan şäheri, Tatatarystan Respublikasy) Kazan Halal Market Halkara söwda ýarmarkasy geçiriler.14-19-njy maýda Russiýada (Kazan şäheri, Tatatarystan Respublikasy) Kazan Halal Market Halkara söwda ýarmarkasy geçiriler.
Çeşme: kazan.bezformata.com

14-19-njy maýda Russiýada (Kazan şäheri, Tatatarystan Respublikasy) Kazan Halal Market Halkara söwda ýarmarkasy geçiriler.

Bu ýarmarka her ýyl geçirilýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumyň çäklerinde geçiriler. Oňa, däp bolşy ýaly, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ählisiniň wekilleri gatnaşýarlar.

“Soňky ýyllarda Russiýa bilen YHG döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy barha artýar. 2021-nji ýylda ol $113,3 mlrd-a deň boldy, bu bolsa 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 43,2% köpdür” – diýip, YHG-nyň Baş sekretary Hiseýn Ibrahim Taha KazanForum-2023-e gatnaşyjylara iberen gutlagynda belledi. Onuň pikirine görä, halal önümleriň bazary yslamyň kadalaryna laýyk gelýän önümleriň birek-birege iberilmegi täze mümkinçilikleri açýar.

“Halal önümleriň dünýä bazary ýokary depginler bilen ösýär we häzirki wagtda $2,6 trln-a deňdir. Forumyň işiniň Russiýada halal önümleriň önümçiliginiň we söwdasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine umyt edýärin. 2028-nji ýylda bu bazaryň $11 trln-den gowrak bolmagyna garaşylýar” – diýip, YHG-nyň Baş sekretary 2023-nji maýynda belledi.

KazanForum-yň çäklerindäki halkara ýarmarkasy senagatyň we daşarky söwdanyň ösmegine ýardam berýär. Kazan Halal Market-de Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň “Halal önüm” güwanamaly dürli harytlaryny, şol sanda iýmit önümlerini, egin-eşikleri we beýlekileri satyn almak bolýar. 2023-nji ýylda ýarmarkanyň myhmanlary Eýranyň, Owganystanyň, Senegalyň, Türkiýäniň önümleri bilen tanyşdylar. Şu ýyl ýarmarka Indoneziýanyň we Malaýziýanyň kompaniýalarynyň hem işjeň gatnaşmagyna garaşylýar.

Kazan Halal Market-iň geçirilen döwürlerinde oňa 400 wekil gatnaşyp, olar 4,5 müň harytlaryň görnüşi bilen tanyşdyrdylar. Bu ýarmarka 40 müňden gowrak myhman gelip, olaryň hatarynda Malaýziýanyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Marokkonuň, Bahreýniň, Çadyň, Senegalyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Gabonyň resmi wekiliýetleri, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Tatar dini wekilleriň Bütin Russiýa forumyna gatnaşyjylar, YHG ýurtlarynyň ýaş diplomatlary, RF-iň Döwlet Dumasynyň deputatlary, RF-iň sebitleriniň Hökümet agzalary bar.

2024-nji ýylda Kazan Halal Market Halkara söwda ýarmarkasy 14-19-njy maýda “Kazan” obasenagat parkynda geçiriler. Gatnaşyjylar 5 müň inedördül metr söwda meýdançasynda öz önümleri bilen tanyşdyrarlar. Sergä gatnaşmagyň bahasy enjamlaşdyrylan bir söwda ýeri üçin 210 USD. Ýarmarka iýmit önümleri, lomaý-bölek söwda, halkyň sarp edýän harytlary ugurlary boýunça geçirilýär.

Gatnaşmak üçin maglumatlary +79053147012 telefon belgisine jaň edip ýa-da kazanmarket@kazanforum.ru resmi poçtasyndan alyp bolar.

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumy Russiýanyň we Yslam dünýäsi ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlygynyň esasy meýdançasydyr. RF-iň sebitleri bilen düzüminde 57 döwlet bolan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, bilim, sosial we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy forumyň baş maksadydyr.

ХV “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumy 2024-nji ýylyň 14-19-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriler.

KazanForum-2024-iň esasy mowzuklary: yslam maliýesi, halal önümleriň senagaty, halkara maýa goýumlary, senagat, innowasion tehnologiýalar, energetika, logistika, syýahatçylyk, diplomatiýa, ESG ýörelgeleri, kiçi we orta telekeçilik, lukmançylyk, sport, metbugat we beýlekiler.

Russiýanyň iň iri ykdysady we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk sergisi – Russia Halal Expo, şeýle hem halal önümleriň Russia Halal Market Halkara ýarmarkasy forumyň esasy wakalary bolar.

KazanForum-2024-e çäräniň resmi saýtynda hasaba durup bolýar.

Организаторы Международного экономического форума «Россия – Исламский мир: KazanForum»

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026