HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropanyň ösüş we täzeleniş banky müşderiler bilen gepleşikleri geçirmek boýunça ussatlyk sapagyny geçirer

Aprel 10, 2024 | 13:25 |8270
Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de şahsy maslahatçylary “Müşderi bilen gepleşikleri geçirmegiň usullary” atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de şahsy maslahatçylary “Müşderi bilen gepleşikleri geçirmegiň usullary” atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: epochtimes.ru

Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de şahsy maslahatçylary “Müşderi bilen gepleşikleri geçirmegiň usullary” atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu çäre 26-njy aprelde Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler.

Ussatlyk sapagy gatnaşyjylara müşderi bilen duşuşygyň inçe tilsimlerini özleşdirmäge, gepleşikleri geçirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.

Ussatlyk sapagyny işewür-maslahatçy Wladimir Çernýawskiý geçirer. Ol Belgiýadaky Guramaçylyk we sosial ösüş halkara institutynda “Guramaçylyk ösüşi we üýtgeşmeleri dolandyrmak: adamlar we ulgamlar” maksatnamasy boýunça bilim aldy.

Çärä gatnaşmak üçin degişli nusgadaky ýüztutmany doldurmaly we ony kompaniýa baradaky maglumat hem-de maslahatçynyň rezýumesi bilen 2024-nji ýylyň 16-njy apreline çenli ovezovat@ebrd.com elektron salgysyna ibermeli.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgisine jaň ediň.

(+99363) 29-68-94

Ussatlyk sapagy tölegsiz geçirilýär. Ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hindistan Nýu-Delide geçirilýän BRICS sammitinde Ählumumy Günortanyň gün tertibini öňe sürýär

Hindistan Nýu-Delide geçirilýän BRICS sammitinde Ählumumy Günortanyň gün tertibini öňe sürýär

21:30 Sentýabr 12, 2026
Halkara energetika agentligi ABŞ bilen Eýranyň gepleşiklerinde dörän ýaramaz ýagdaýa baglylykda 2026-njy ýylda dünýäniň nebit islegine bolan çaklamasyny peseltdi

Halkara energetika agentligi ABŞ bilen Eýranyň gepleşiklerinde dörän ýaramaz ýagdaýa baglylykda 2026-njy ýylda dünýäniň nebit islegine bolan çaklamasyny peseltdi

20:30 Sentýabr 12, 2026
Durban porty BRICS-iň goldawy bilen döwrebaplaşdyrylýar

Durban porty BRICS-iň goldawy bilen döwrebaplaşdyrylýar

18:00 Sentýabr 12, 2026