Ärdogan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşygy tassyklady


Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara şertnamany tassyklaýan karara gol çekdi.
Üç ýurt harytlar we hyzmatlar, energetika, oba hojalygy, azyk önümçiligi we maldarçylyk, gurluşyk pudagy, maşyn önümçiligi, enjamlar we materiallar, maşyngurluşygy we awtoulag senagaty, himiýa senagaty, dokma pudagy, senagat, ulag we logistika, maliýe pudagy we maýa goýumlary ýaly dürli ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar. Bu barada Türkiýäniň döwlet gazeti bolan “Resmi Gazete” habar berýär.
Mundan başga-da, şertnamada lukmançylyk hyzmatlary we tehnologiýalary, derman senagaty, syýahatçylyk, kiçi we orta kärhanalar, kompýuterleri, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, kosmos pudagy we howa giňişligi, poçta hyzmatlary boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutulýar.
Bu ylalaşyk 2022-nji ýylyň dekabrynda, Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň - Serdar Berdimuhamedowyň, Ilham Alyýewiň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda bolan ilkinji sammitinde gol çekilipdi.
Sammit ykdysady ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirildi. Gepleşikleriň netijesinde Aşgabat, Baku we Ankara hyzmatdaşlyk barada üç taraplaýyn resminama hem gol çekdi.
ORIENT news








