HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbek estradasynyň ýyldyzlary Farhad we Şirin Magtymgulynyň sözlerine aýdym döretdiler

Aprel 08, 2024 | 08:44 |12868
Özbek estradasynyň ýyldyzlary Farhad we Şirin Magtymgulynyň “Habar ber--şeýledir” goşgusy esasynda aýdym döretdiler we ony ýerine ýetirdiler.Özbek estradasynyň ýyldyzlary Farhad we Şirin Magtymgulynyň “Habar ber--şeýledir” goşgusy esasynda aýdym döretdiler we ony ýerine ýetirdiler.
Çeşme: fialkaart.ru

Özbek estradasynyň ýyldyzlary Farhad we Şirin Magtymgulynyň “Habar ber--şeýledir” goşgusy esasynda aýdym döretdiler we ony ýerine ýetirdiler.

Goşguda iki şahyr göräýmäge ýönekeý soraglara jogap bermekde ýaryşýarlar. Olaryň birisi sowal berýär, beýlekisi bolsa diňleýjileriň şowhunly goldamagynda mynasyp jogap berýär we sözüni “Bizden habar bolsun jogap şeýledir” diýen sözler bilen tamamlaýar.

Your browser does not support HTML5 video.

Şeýle hem Farhad we Şirin bu kompozisiýa üçin wideo taýýarladylar we häzirki wagtda bu wideo internetde millionlarça gezek görülýär.

Magtymgulynyň döredijiligi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynda, şol sanda Özbegistanda iňňän meşhurdyr. Sebäbi ýaş wagty Magtymguly şol döwrüň iň abraýly okuw edaralarynyň biri bolan Hywadaky Şirgazy medresesinde bilim alypdyr.

Köp özbek halk aýdymlary Magtymgulynyň goşgulary esasynda döredilendir. Onuň şygyrlaryny beýik özbek hafizlary Muhiddin Kori Ýokubow, Orif Alimahsumow, Komiljon Otaniýozow, Fahriddin Umarow dagy ýerine ýetirýär.

Farhad we Şirin ozal türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş edip, olaryň uly söýgüsine mynasyp bolupdylar.

Özbek paýtagtynyň köçeleriniň biriniň Magtymgulynyň adyny göterýändigini hem bellemek gerek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026