HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Almatada 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler

Aprel 06, 2024 | 09:57 |9572
2024-nji ýylyň 14–15-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler.2024-nji ýylyň 14–15-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler.
Çeşme: catradeforum.org

2024-nji ýylyň 14–15-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler.

Forumyň çäklerinde täze söwda bazarlaryny öwrenmek, mümkinçilikleri ýüze çykarmak, gümrük we logistika amallaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly mowzuklaýyn mejlisler geçiriler. Şeýle hem bilermenler söwda düzgünleşdirilişiniň dürli ugurlaryna, şol sanda sebitleýin söwda ylalaşyklaryny baglaşmak, Bütindünýä söwda guramasynyň standartlary bilen bagly ugurlara serederler.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksportçylarynyň gatnaşmagynda sergi guralar. Şeýle hem ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklary geçirmek göz öňüne tutulýar.

Merkezi Aziýa söwda forumy ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan 2011-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu forum Merkezi Aziýanyň işewür jemgyýetçiligi üçin özboluşly meýdança bolmak bilen, sebit söwdasyny häzirki zaman innowasiýalary nazara almak bilen has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Bu çäre söwda we sebit hyzmatdaşlygyna goldaw bermek ulgamynda meşhurlyga eýe boldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşýanlaryň sany barha artýar.

Foruma gatnaşmak we has giňişleýin maglumat almak üçin şu elektron salga ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026