Türkmenistan KazanForum 2024-e gatnaşmaga taýýarlyk görýär


Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Şu ýyl «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumy 14-15-nji maýynda Kazan şäherinde geçer.
Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň we beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bu forumyň baş maksadydyr.

Bu giň möçberli halkara çäre her ýyl köp ýurtlarda ýokary derejeli myhmanlary, Russiýanyň we musulman ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemleýär hem-de sebitara we döwletara derejesinde bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Forumyň çäklerinde “Russiýa – Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisi, “Russia Halal Expo” halkara ykdysady we ylmy-tehnologiýa hyzmatdaşlyk sergisi, “Kazan Halal Market” halkara söwda ýarmarkasy, söwda-senagat edaralarynyň forumy ýaly birnäçe ähmiýetli çäreler geçirilýär.

Türkmenistan, däp bolşy ýaly, bu halkara foruma ýokary derejede gatnaşýar. 2023-nji ýylda türkmen wekiliýeti KazanForum 2023-e Türkmeistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. 2022-nji ýylda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
2024-nji ýylda türkmen wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Türkmeistanyň önümleriniň sergi meýdançasyny gurnamak, birnäçe resmi we işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, möhüm ylalaşyklary baglaşmak göz öňüne tutulýar.
ORIENT news








