HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katardaky türkmen ilçisiniň ahalteke bedewlere bagyşlanan makalasy çap edildi

Aprel 06, 2024 | 10:35 |10211
Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan «Al Sharq» gazetinde türkmen halkynyň buýsançy – ahalteke bedewlerine bagyşlanan makalasyny çap etdi.Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan «Al Sharq» gazetinde türkmen halkynyň buýsançy – ahalteke bedewlerine bagyşlanan makalasyny çap etdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan «Al Sharq» gazetinde türkmen halkynyň buýsançy – ahalteke bedewlerine bagyşlanan makalasyny çap etdi.

Makala her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda bellenilýän Türkmen bedewiniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.

Öz makalasynda diplomat seýisçilik sungatynyň türkmen halkynyň durmuşyndaky aýratyn ornuny, her bir türkmenistanlynyň ahalteke bedewine bolan hormatyny nygtaýar. Seçgiçi seýis Aba Annaýewiň Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmekde goşan goşandy bimöçberdir.

Diplomat atçylyk ulgamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklara ünsi çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ol Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygydaky wekiliýetiň Doha şäherine saparyny belläp geçýär. Wekiliýetiň agzalary Doha şäherinde geçýän “Emiriň Gylyjy” atly konkur boýunça 13-nji çempionatyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistan we Katar ýaş hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tagallaryny birleşdirdiler. Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atly sport döwlet federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Federasiýa Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani ýolbaşçylyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026