HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brusselde Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag arabaglanşygyny berkitmäge bagyşlanan maslahat geçirildi

Aprel 05, 2024 | 02:33 |6080
2024-nji ýylyň 2-5-nji apreli aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brussel şäherinde geçirilýän Transýewropa ulag ulgamynyň (TEN-T) bilermenleriniň syýasatyna bagyşlanan çäräniň çäklerinde Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygy ösdürmegiň mümkinçililerine bagyşlanan maslahat “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölüminiň başlygy tarapyndan gatnaşyldy.2024-nji ýylyň 2-5-nji apreli aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brussel şäherinde geçirilýän Transýewropa ulag ulgamynyň (TEN-T) bilermenleriniň syýasatyna bagyşlanan çäräniň çäklerinde Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygy ösdürmegiň mümkinçililerine bagyşlanan maslahat “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölüminiň başlygy tarapyndan gatnaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 2-5-nji apreli aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brussel şäherinde geçirilýän Transýewropa ulag ulgamynyň (TEN-T) bilermenleriniň syýasatyna bagyşlanan çäräniň çäklerinde Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygy ösdürmegiň mümkinçililerine bagyşlanan maslahat “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölüminiň başlygy tarapyndan gatnaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň TEN-T syýasatynyň çäklerinde Merkezi Aziýada durnukly ulag ulgamyny berkitmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Esasan hem 2023-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky tarapyndan çap edilen Merkezi Aziýanyň ulag ulgamy boýunça seljerme işi, TEN-T çemeleşmesiniň Merkezi Aziýada ulanyp boljak ugurlary, mümkinçilikleri babatynda özara pikir alyşyldy.

1-4.jpg

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ulag ulgamyny berkitmekde gyzyklandyrýan ugurlar babatynda sorag-jogap alyşyldy. Bu babatda, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyndan gözbaş alýan meseleler, häzirki wagtda Türkmenistanda ulag ulgamy bilen bagly sebit ähmiýetli durmuşa geçirilýän iri taslamalar barada çykyş edildi.

Çäräniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamyndaky ekspertleri bilen Ýewropanyň TEN-T syýasat ekspertleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi. Munuň çäklerinde ekspertler tarapyndan Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň bilelikde Utgaşdyryş platformany döretmegiň oňyn netijäni berip biljekdigi barada pikirler beýan edildi. Şeýle hem 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Luksemburgda geçirilen Ministrler derejesindäki duşuşygyň netijesinde Aşgabatda geçirilmegi ylalaşylan Ýewropanyň döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşygyny türkmen tarapdan gurnamaga taýýarlygy barada habar berildi.

2-5.jpg

Ýewropa Bileleşiginiň TEN-T syýasaty Ýewropanyň 27 döwletiniň arasynda 2050-nji ýyla çenli ulag ulgamyny tapgyrlaýyn berkitmäge gönükdirilen syýasatdyr. Munda Ýewropanyň Global derweze strategiýasynyň (Global Gateway Strategy) çäklerinde dünýäniň beýleki sebitleriniň arasynda hem ulag arabaglanşygyny ösdürmek meseleleri ileri tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026